S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi


S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek hakynda” 2010-njy ýylyň 25-nji iýunyndaky 11106-njy Karary esasynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2010-njy ýylyň 28-nji iýunyndaky 155 beligili buýrugy bilen döredildi we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebidir.

Mekdebimiz özüni esaslandyrylan ýylyndan bäri orta hünär bilimli ekerançy-agronomlaryň, ýer ulanyjy-tehnikleriň, buhgalterleriň, ykdysatçylaryň, atşynaslaryň, tehnologlaryň, tehnik-mehanikleriň, weterinar feldşerleriň birnäçesini taýýarlap önümçilige ýollady. 2019-njy ýylda açylan Maglumat ulgamlary hünäri boýunça programmaçy-operator kärine, Gidromeliorasiýa hünäri boýunça tehnik-melioratorlaryň kärine eýe boljak hünärmenler 2021-nji ýylda uçurym edilip önümçilige ugradylarlar.

Mekdebiň bölümleriniň tejribeli mugallymlary, döwrebap hünärmenleri taýýarlamagy öz öňlerinde esasy maksat edip goýýarlar we döredijilikli zähmet çekýärler. Olaryň düzüminde oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty we birnäçe derejeli mugallymlar hem bar.

Mekdebimizde häzirki zaman kompýuter-tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, internet ulgamy, okuw-ylmy we çeper edebiýatlary özünde jemleýän kitaphana talyplaryň hyzmatynda.

Mekdebimiziň bölümlerinde aşakdaky hünärler boýunça orta hünär bilimli hünärmenler taýýarlanylýar:

  • Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi;
  • Dokma önümçiligi;
  • Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy;
  • Agronomçylyk;
  • Oba hojalygynyň mehanizasiýasy;
  • Pagtany ilkinji işlap taýýarlamagyň tehnologiýasy;
  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy;
  • Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy;
  • Atçylyk;
  • Ýer ulanylyşy;
  • Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda);
  • Weterinariýa;
  • Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda);
  • Gidromeliorasiýa;

Okuw mekdebimizde her bir talybyň wagtynyň örän manyly geçirilmegini gazanmak maksady bilen, olaryň arasynda dürli görnüşli bäsleşikler, sergiler, terbiýeçilik we wagyz nesihat işleri, medeniýet we sungat işgärleri bilen, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar ýygy-ýygydan geçirilýär.

Mekdebimizde bilim alýan talyplar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleri olarda hünär-zähmet terbiýesini döretmek bilen utgaşykly alnyp barylýar. Mekdebimiziň zenanlar guramasynyň we ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda ene-mamalarymyzdan galan däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň gyz-gelinlerimiziň aňynda has berk ornaşmagy üçin mekdebimiziň talyp gyzlarynyň arasynda “El hünäri-il gezer” ady bilen milli nagyşlarymyzy çekmek, milli naharlarymyzy hem-de çörek önümlerini taýýarlamak boýunça dürli bäsleşikler ýygy-ýygydan geçirilýär. Mundan başga-da, talyplaryň kompýuter sowatlylygyny has-da ýokarlandyrmak dogrusynda degişli işler alnyp barylýar, dersler boýunça olaryň bilim derejeleri kompýuterleriň kömegi arkaly barlagnama-testleriň üsti bilen anyklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dürli gönüşleri bilen meşgullanmagyny ýola goýmak wezipelerini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi. Häzirki wagtda sport we bedenterbiýe talyplaryň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Talyplaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde sportuň orny örän uludyr. Çünki sport-sagdynlygyň çeşmesidir. Köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen mekdebimiziň talyplary bilen hem ýurdumyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişler gurnalýar, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirilýär, milli sport oýunlaryna aýratyn üns berilýär.

Mekdebimiziň talyplary sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän bäsleşiklerde işjeň çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Biziň talyplarymyzyň Döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri sport ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça Hormatly Prezidentimiziň döredýän şertleriniň aýdyň görkezijisidir. Muňa mysal edip mekdebimiziň talyplarynyň sportuň “Kiçi futbol ” görnüşi boýunça başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda 2-nji orna ,”Woleýboll” görnüşi boýunça oglanlaryň arasynda 3-nji orna şeýle-de “woleýboll” oýny boýunça gyzlaryň arasynda 3-nji orna mynasyp boldular. Sport, ilkinji nobatda, beden saglygyny berkitmek bilen, ruhy sagdynlygyň hem esasy başlangyjydyr. Sebäbi beden taýdan sagdynlyk ruhy sagdynlygyň esasydyr. Beden taýdan sagdyn, ruhubelent talyp bolsa, islendik okuw sapagyny talabalaýyk kabul etmäge we özleşdirmäge taýýardyr.

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip gelýärler. Muňa mysal edip 2019-njy ýylda geçirilen ders bäsleşiginde “Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň esaslary”, “Matematika ”, “Ykdysadyýet”, “Türkmenistanyň kanunçylygy”,“Agronomçylyk” derslerinden, 2020-nji ýylda geçirilen bäsleşikde “Ykdysadyýet”, “Türkmenistanyň kanunçylygy”, “Matematika ”, “Agronomçylyk”, “Türkmenistanyň taryhy” derslerinden baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hormat hatlary bilen sylaglanmaklaryny görkezmek bolar.