Terbiýeçilik-halypaçylyk sapagynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi

145
 Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenip geçilýän ýylynda döwlet möçberindäki çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly öňde duran wezipeleriň üstünlikli çözülmegi we ýaşlara berilýän ruhy-ahlak terbiýäniň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi üçin Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde şahyryň döredijiligini çuňňur öwrenmäge bagyşlanan maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Orta hünär okuw mekdebinde guralýan sapaklarda dersara baglanyşygy saklamakda, terbiýeçilik-halypaçylyk sagatlaryny geçirmekde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenmegiň däbe öwrülmegi, geçirilýän her bir okuw-terbiýeçilik işleriniň mazmunynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen berk baglanyşdyrylmagynyň ýola goýulmagy munuň aýdyn mysalydyr.
   Şeýle terbiýeçilik-halypaçylyk sapaklary Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň 218-nji toparynyň talyplary bilen  welaýat kitaphanasynda gurnaldy. Sapakda akyldar şahyrymyzyň  şygyrlarynda halkymyzyň medeni mirasynyň,edep-terbiýäniň  şöhlelendirilişi, XVIII asyryň taryhyny öwrenmekdäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi.
  Ýaşlary milli ruhda terbiýelemek,olara dünýä medeniýetini we taryhyny çuňňur öwrenmek, talyplaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçilen sapak oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
   Şahyr bilen baglanyşykly şeýle sapaklaryň geçirilmegi Magtymguly şahyrymyza, onuň öňe süren ruhy ýörelgesine hormat goýulmagynyň, ynsap, päklik,watansöýüjilik, adalatlylyk ýaly umumyadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän söz ussadydygynyň ykrar edilmesiniň nyşanydyr.

       S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Muşerrep  Astanowa

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71