ÇEKSEŇ ZÄHMET, ÝAGAR REHNET

91
   Şu günler güýz paslynyň gyzgalaňly döwründe Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda pagta ýygymy bilen bir hatarda oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnamak işleri utgaşykly, guramaçylykly alnyp barylýar. Biz S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň  Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary bolup talyplarymyz bilen Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşiginde geçirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň gidişi bilen ýakyndan tanyşdyk. Gök önümleriň hasylyny ýygnamak işlerine talyplar işjeň gatnaşdylar. Kelemli, şugundyrly, käşirli meýdanlarda gök ekinleriň ösdürlip ýetişdirilişiniň tehnologiýasy we beýleki agrotehniki çäreler talyplarymyzy diýseň gyzyklandyrdy. 
   Kelem ekin dolanşygynda aralyk ekin hökmünde meýdanlara ekilip, ondan ýokary hilli bol hasyl alynýar. Kelemiň peýdaly taraplary örän köpdür, esasan hem dürli naharlar, işdä açarlar taýýarlanylýar we ol adam organizmine örän peýdalydyr.
   “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda halkymyzyň keleme, şugundyra, käşire bolan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilikleriň uludygyna, ýurdumyzyň oba hojalygyna, oba hojalyk ekinlerini ösdurip ýetişdirýän babadaýhanlaryň sarpasynyň belentdigine göz ýetirdik.
   Talyp ýaşlar Türkmen halkynyň at-owazyny belende galdyrmakda we dünýä ýaýmakda, milliligimizi ylym-bilimli kämilleşdirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. 


S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 
uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň  mugallymy Durdyýewa Reýhan Kemalowna

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71