“TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY”
122 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär, özgerýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda barha rowaç alýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toý – baýramlara beslenýär.
Baky bagtdan paýyny tapan türkmen halky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Bitaraplyk – türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başy.
Hemişelik Bitaraplygymyz biziň Garaşsyzlygymyz ýaly ýakymy bilen, dabarasy soňlanmajak baýramymyz. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk – bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan bolsa Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzdyr. Hemişelik Bitaraplyk hakynda gürrüň açylanda, türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köpri göz öňünde janlanýar. Ol döwletimiziň geljekki belent ösüşlerine sary uzaýan altyn geçelgedir.
Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gatnaşmagynda, dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi gadymy döwürlerden bäri dana hem merdana pederlerimiziň durmuşa, özbaşdaklyga bolan ynsanperwer garaýyşlaryndan gözbaş alyp gaýdýandygyny, aslynda-da, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylyk ýörelgesi türkmen halkynyň aňyýetine, häsiýetine mahsus sypatlardygyny bellediler. Pederlerimiziň bu adalatly ýörelgeleri bu günki günde döwlet syýasatymyzda öz hakyky mazmunyna eýe bolýandygyny, muny Türkmenistan döwletimiziň häzirki wagtda BMG-nyň iň ynamdar we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň birine öwrülendigi bilen kesgitläp boljakdygyny belläp geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylar, Baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, külli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar we dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy, asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny dileg etdiler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy Baýlyýew Oraz Kakabaýewiç